"Saýlawda demokratiýa we milli ygtyýar üstün çykdy"

Çykyşyna “Eziz halkym” diýip başlan Prezident Erdogan Ankaralylara minnetdarlyk bildirdi

999086
"Saýlawda demokratiýa we milli ygtyýar üstün çykdy"

Täze hökümet ulgamynyň ilkinji prezidentligine saýlanan R. T. Erdogan saýlawda demokratiýanyň we milli ygtyýaryň üstün çykandygyny aýtdy.

Prezident we parlament saýlawynyň netijeleriniň yglan edilmäge başlamagyndan soň Stambuldan Ankara gelen Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy R. T. Erdogan, partiýasynyň merkezi jaýynda balkondan halka ýüzlenip çykyş etdi.

Çykyşyna “Eziz halkym” diýip başlan Prezident Erdogan Ankaralylara minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Erdogan “Türkiýäniň dyza çökmegine garaşýanlara degişli jogaby berdik” diýdi.

Saýlawda ses beren her bir adama sag bolsun aýdan Erdogan “Şu günden soň gözümiz we gulagymyz ýene-de halkymyz bolar. Ertirden başlap halkymyza beren sözümizi ýerine ýetirmek üçin işe girişýäris. Täze dolanşyk ulgamy baradaky taýarlyklarymyzy umuman alnanda tamamladyk. Mejlis jemlenişip kasam edýänçäk galan işlerimizi hem tamamlarys. Kasam edişlik dabarasyndan soň ministrlerimizi belläris we iş meýilnamamyzy durmuşa geçirmäge başlarys. Türkiýäniň ýagty geljegi üçin gije gündiz işläris” diýdi.

Türkiýäniň demokratiýa synagynyň bütin dünýä görelde bolmaga dowam etjekdigini aýdan Erdogan “Halkymyz 16 ýyldan bäri bolşy ýaly ýene-de durnuklylyk üçin ses berdi. Saýlawda demokratiýa, syýasat, milli ygtyýar üstün çykdy. Saýlawda Türkiýe, türk halky, sebitimizdäki ähli ejir çekýänler we dünýädäki biçäreler üstün çykdy” diýdi.

Türkiýäniň ekstremist terror guramasy PKK, Fetullahçy terror guramasy FETÖ ýaly ähli terror guramalaryna garşy göreşmek üçin ses berendigini aýdan Erdogan “Netijeler şol bir wagtda Siriýanyň topraklaryny erkinleşdirmäge we ýurdumyzdaky myhman doganlarymyzyň asuda ýagdaýda öýlerine dolanyp barmaklary üçin amatly şert döretmäge dowam etjekdigimiziň görkezijisidir. Saýlawyň netijeleri şol bir wagtda Türkiýäniň dünýäniň niresinde bolsa bolsun ähli biçärelere goldaw bermäge dowam etjekdiginin görkezijisidir” diýip belledi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar