Liwiýada zamun alynan 3 türk işçisi 233 gün soň boşadyldy

“Liwiýaly ýolbaşçylar bilen geçirlen gepleşikleriň we edilen hyzmatdaşlyklaryň netijesinde raýatlarymyzyň sag aman boşadylmagyndan hoşal”

998294
Liwiýada zamun alynan 3 türk işçisi 233 gün soň boşadyldy

Liwiýanyň Ubari şäherinde 2017-nji ýylyň 3-nji noýabrynda zamun alynan 3 türk işçisi 233 gün soň boşadyldy.

Mesele hakynda berlen beýanata görä, Ubari şäherinde 2017-nji ýylyň 3-nji noýabrynda ENKA türk firmasynda işleýän Osman Emre Ýaýkyn, Togrul Jan Kapubagly we Sertaç Karan atly üç türk raýaty zamun alnypdy.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym zamun alynan we 233 gün soň boşadylan türk inženerleriniň maşgalalary bilen duşuşyp soňky wakalar hakynda maglumat berdi.

Premýer ministr Ýyldyrym “Liwiýaly ýolbaşçylar bilen geçirlen gepleşikleriň we edilen hyzmatdaşlyklaryň netijesinde raýatlarymyzyň sag aman boşadylmagyndan hoşal” diýdi.

 



Degişli Habarlar