Prezident Erdogan Kataryň Emirini Oraza baýramy bilen gutlady

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Oraza baýramy mynasybetli Kataryň Emiri Şeýh Temim Bin Hamed Al Sani bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

993231
Prezident Erdogan Kataryň Emirini Oraza baýramy bilen gutlady

Prezident Diwany çeşmelerinden alynan maglumata görä baýramy gutlamak maksady bilen geçen telefon söhbetdeşliginde iki ýurdy we sebiti gyzyklandyrýan meseleleriň üstünde durulyp geçildi.

Telefon söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklary has hem ösdürmäge isleglidiklerini tassyklan Prezident Erdogan we Kataryň Emiri Şeýh Temim palestinanyň halkyny goramagy talap eden kararyň BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edilmeginiň guwandyryjydygyny bellediler.

Türk lider düýn bolsa Saud Arabystanynyň Şasy Selman Bin Abdulaziz, Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas we Pakistanyň Prezidenti Memnun Hüseýin bilen telefon arkaly söhbetdeş bolupdy.



Degişli Habarlar