Çawuşogly gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly 4-nji iýunda ABŞ-da Maýk Pompeo bilen duşuşjakdygyny aýtdy

981965
Çawuşogly gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ bilen Siriýanyň Munbiç etraby boýunça geçirilen gepleşiklerde ýetilen soňky sepgit we F-35 harby uçarlarynyň aluwy bilen bagly düşnüşmezlikler hakynda garaýyşlaryny beýan etdi.

Germaniýadan gaýdyşyn uçarda beýannama ebren Çawuşogly 4-nji iýunda ABŞ-nyň döwlet Sekretary Maýk Pompeo bilen Waşingtonda duşuşjakdygyny aýtdy.

ABŞ-nyň Siriýanyň Munbiç etrabyna ekstremist terror guramasy PKK-nyň bölümi bolan PÝD/ÝPG terrorçylarynyň ornaşdyrmagyndan soň Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda ýüze çykan düşnüşmezligiň çözülmegi üçin geçirilen gepleşikler barada durup geçen Çawuşogly, gepleşiklerden sebitdäki terror guramalary bilen bagly konkret netijäniň çykjakdygyny aýtdy.

ABŞ tarapyndan DAİŞ-e garşy göreş üçin goldanan PKK/PÝD-ÝPG agzalarynyň sebitden gitmegi barada beren sözünde durman halatynda Türkiýäniň harby operasiýa gurap biljekdigine ünsi çeken Çawuşogly; “Munbiç meselesinde galan ýerimizden dowam ederis” diýdi.

Pompeonyň ylalaşyga wepaly boljakdyklaryny aýdandygyny ýatladan Çawuşogly; “ABŞ-nyň ozalky döwlet Sekretary Reks Tillerson wezipesinden gitmedik bolsady, Munbiç baradaky iş meýilnamasyny tassyklardyk” diýdi.

İş meýilnamasynyň çürt kesikdigini nygtan Çawuşogly; “Bu iş meýilnamasynda anyk başlangyçlar bar we wagty doly kesgitlenen. ÝPG Munbiçden çykarylar. ÝPG-niň ýerine dolanşykda kimleriň boljakydygyna Türkiýe bilen ABŞ bilelikde karar berer. ÝPG-niň çekilmegine biz gözegçilik ederis. Biziň kriteriýamyz Munbijiň demografik gurluşy” diýdi.

Mewlüt Çawuşogly F-35 harby uçarlary barada bolsa; “Bu ylalaşyk. Tölegleri tölendi. Men hiç hili alada edemok. Ylalaşyk berjaý ediler” diýdi.

 



Degişli Habarlar