Ýemeniň gara suwlarynda türk gämisine guralan raketa hüjüminde ölen-ýiten bolmady

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi “Inje Inebolu” atly ýük gämisine guralan raketa hüjümi barada ýazmaça beýanat berdi

979520
Ýemeniň gara suwlarynda  türk gämisine guralan raketa hüjüminde ölen-ýiten bolmady

Türkiýe Ýemeniň gara suwlarynda 10-njy maýda türk gämisine guralan raketa hüjüminde ölen-ýiteniň bolmandygyny habar berdi.

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoý “Inje Inebolu” atly ýük gämisine guralan raketa hüjümi barada ýazmaça beýanat berdi.

Aksoý Russiýanyň Noworossiýsk portundan ýüklenen bugdaýy Ýemeniň Saleef portuna alyp barýan “Inje Inebol” atly türk gämisine 10-njy maýda sagat 23.15-de Ýemeniň suw giňişliginde raketa hüjüminiň guralandygyny aýtdy.

Aksoý “23 ekipažy bolan gämä guralan hüjümde ölen-ýiten bolmady. Hünärmenlerimiz ady agzalýan waka hakyndaky barlaglaryny dowam etdirýär” diýdi.



Degişli Habarlar