Prezident Erdogan TRT-e gün tertibinin ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Erdogan Siriýanyň Münbiç sebitine ýerleşdirilen fransuz esgerleri bilen baglanşykly Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň özi bilen telefon arkaly söhbetdeş bolmak barada talap bildirendigini habar berdi

977745
Prezident Erdogan TRT-e gün tertibinin ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Türk lider TRT-e kanalynyň ýörite gepleşiginde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglara jogap berdi.

Erdogan ABŞ bilen edilýän gatnaşyklar we fransuz esgerleriniň Münbiçe ýerleşdirilmegi bilen bagly soraga Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň özi bilen şol babatda telefon arkaly söhbetdeş bolmak barada talap bildirendigini beýan etdi.

Erdogan: “Şu gün ýa-da ertir telefon arkaly söhbetdeş bolarys. ABŞ bilen bular ýaly hadysalar wagtal-wagtal başdan geçirilýär, emma saýlaw golaýlap gelýändigi üçin telefon diplomatiýasy kesilen bolup biler, emma telefon söhbetdeşligi üçin mümkinçilikler bolar” diýdi.

Erdogan ABŞ-niň Ysraýyldaky ilçihanasyny Tel-Awiwden Iýerusalime göçürilmegi we Ysraýylyň Gazada eden gyrgynçylygy bilen bagly soraga: “Amerika bilen Ysraýylyň kabul eden kararynyň hiç hili güýji ýok. Amerika abraýyny dolulygyna ýitirdi. Sebäbi BMG-de biziň Ýemen bilen eden ädimimizde geçirilen ses berilşikde 128 ýurt garşy çykdy, 9 sany adyny ozal eşitmedigimiz, şonsuzam ikisi ABŞ we Ysraýyl bolan, beýlekileri bolsa şäherçe döwleti ýaly döwletler olaryň tarapyny tutdy. Dünýä bularyň edenlerini kabul etmedi. Meniň pulym, güýjim bar, şol sebäpli bu baýlyk we güýç bilen men size etdirerin, diýenimi ýerine ýetirderin diýdiler. Ýok, dostym etdirip bilmersiň. Etdirip bilmediň, hiç kim seni diňlemedi. Bu ýere gelip ilçihanaňy ol ýere göçüripsiň. Göçürdiňemdä näme boldy? Palestinanyň paýtagty Iýerusalimdir. Muny indi herkim bilýär. Bu babatda aýdyljak söz ýok. Sen kabul etseňem, etmeseňem köňüllerde Palestinanyň paýtagty Iýerusalimdir” diýip belledi.



Degişli Habarlar