Atatürki hatyralama ýaşlar we sport baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär

Atatürkiň Samsunda milli göreşi başlatmagynyň 99-njy ýyly bellenilip geçilýär

974516
Atatürki hatyralama ýaşlar we sport baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär

 

Şu gün 19-njy maý Beýik baştutan Mustafa Kemal Atatürkiň Samsunda milli göreşi başlatmagynyň 99-njy ýyly bellenilip geçilýär.

19-njy maý Atatürki hatyralama ýaşlar we sport baýramy ýurtda, DKTR-da we daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär.

Paýtagt Ankaradaky ilkinji dabara Atatürkiň aramgähinde geçirildi.

Ýaşlar we sport ministri Osman Aşkyn Bak 81 welaýatdan gelen ýaşlar bilen Atatürkiň aramgähine baryp gül desselerini goýdy.

Atatürkiň aramgähine gül desseleriniň goýulmagyndan soň hormatly dymyşlyk edildi.

Garaşsyzlyk Mukamynyň okalmagyndan soň Osman Aşkyn Bak Atatürkiň aramgähiniň ýörite depderine ýatlama sözlerini ýazdy.

Ýaşlar we sport ministri Osman Aşkyn Bak “Ýaşlara sowgadyňyz bolan 19-njy maý Atatürki hatyralama ýaşlar we sport baýramy mynasibetli sizi we ähli gahrymanlarymyzy uly hormat bilen hatyralaýaryn. Ruhuňyz şad bolsun” diýip ýazdy.

81 welaýatdan gelen ýaşlar soň bolsa Prezident R. T. Erdogan tarapyndan kabul ediler.

Erdogan Prezidentiň kompleksinde beriljek agzaçarda ýaşlar bilen duşuşar.

19-njy maý Atatürki hatyralama ýaşlar we sport baýramy Stambul we Izmir şäherleriniň başda durmagynda ýurduň çar tarapynda dürli dabaralar bilen bellenilip geçilýär.



Degişli Habarlar