" Ysraýyl terror döwleti"

“Biz şu gün sebitimizi gan we gözýaşy bilen bogmak isleýänlere “dur” diýýäris"

974309
" Ysraýyl terror döwleti"

 

Prezident R. T. Erdogan Ysraýylyň Gazadaky hereketleriniň wagşyçylyk we döwlet terrorydygyny belledi.

Erdogan Stambulda geçirlen Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň nobatdan daşary maslahatynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Iýerusalime goldaw bermegiň parahatçylyga we adamkärçilige eýe çykmakdygyny nygtady.

“Biz şu gün sebitimizi gan we gözýaşy bilen bogmak isleýänlere “dur” diýýäris. Bir ýere jemlenişmek bilen palestinaly doganlarymyzyň alyp barýan göreşinde ýalňyş bolmandyklaryny bütin dünýä eşitdirýäris” diýen Erdogan Iýerusalim gowgasynyň musulmanlaryň gowgasydygyny ýatlatdy.

Erdogan  “Iýerusalimi elinde on müňlerçe bigünä palestinalynyň gany bolan terror döwletiniň ynsapyna berip bileris”diýdi

Erdogan  Iýerusalim mukaddes we mübärek şäherdigine ünsi çekdi.

Tel Awiw şäherindäki ilçihanasyny Iýerusalime göçürmek bilen Ysraýylyň gyrgynçylygy üçin amatly şert döreden ABŞ-nyň eline bigünä palestinalylaryň ganynyň bulaşandygyny aýdan Erdogan, Ysraýylyň öldüren bigünä adamlary üçin halkara adalatyň öňünde hökmany ýagdaýda jezasyny çekmelidigini ýatlatdy.

Palestinalylara edilýän zulum meselesini BMG-nyň Baş Assambleýasynyň gün tertibine getirmek isleýändiklerini aýdan Erdogan “Ýetilen sepgit ýazgarmak we gaharlanmak bilen basyp alyşlygyň we zulumyň bes edilmändigini we bes edilmejekdigini görkezýär. Musulmanlar öz hak-hukuklaryna eýe çykmasa bizden başga hiç kim biziň hukuklarymyza sarpa goýmaz” diýdi.



Degişli Habarlar