“Palestina adamzat jenaýatyna sezewar”

Erdogan oraz aýynyň ilkinji agzaçary Prezidentiň kompleksinde şehitleriň hossarlaryna berdi

972851
“Palestina adamzat jenaýatyna sezewar”

 

 

Prezident R. T. Erdogan oraz aýynyň ilkinji agzaçary Prezidentiň kompleksinde şehitleriň hossarlaryna berdi.

Prezident Erdogan agzaçarda sözlän sözünde Palestinada ýeke-täk günäleri müňlerçe ýyldan bäri ýaşaýan topraklaryndaky hukuklaryny goramak bolan asuda ilata garşy uly adamzat jenaýatynyň edilýändigini nygtady.

Erdogan duşenbe güni ABŞ-nyň Tel Awiw şäherindäki ilçihanasyny Iýerusalime göçürmegine garşy geçirlen ýörişlerde 63 adamyň şehit bolandygyny, 3 müňden gowrak adamyň hem ýaralanandygyny nygtady.

Ysraýylyň bidüzgünçilikleri, adalatsyz çemeleşmesi we hüjümleri sebäpli ýarym asyrdan gowrak wagt bäri asuda durmuşda ýaşamak üçin göreşýän palestinalylaryň ýene-de bir gezek zuluma sezewar bolandygyna ünsi çeken Erdogan sözlerini şeýle dowam etdirdi:

“ABŞ-nyň Tel Awiw şäherindäki ilçihanasyny BMG-nyň we halkara guramalaryň kararlaryna äsgermezçilik edip Iýerusalime göçürmegi ysraýylyň hökümetine ruhy taýdan goldaw berdi. Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleri topraklaryny goramakdan başga maksady bolmadyk, eline ýarag almadyk bigünä palestinalylary, çaga, şikesli, ýaşuly ýada ýaş kiçi, aýal-erkek diýmezden gyrgyna berýär. Şeýle waka dünýäniň başga bir ýerinde başdan geçirlen bolsady ähli halkara guramalar we döwletler berk garşylyk görkezerdi. Emma gynansakda Ysraýylyň palestinalylara edýän zulumyna dünýä ýurtlary dymmak bilen syn edýär”.

Prezident Erdogan Türkiýäniň bolsa palestinalylara ähli taraplaýyn goldaw bermäge we dünýäniň dymýandygyna garamazdan Ysraýylyň zulumyna garşy göreşmäge dowam etjekdiklerini nygtady.



Degişli Habarlar