"Taryh ABŞ-ni bagyşlamaz, Ysraýyly bolsa hiçem bagyşlamaz"

Prezident Erdogan taryhyň ABŞ-ni bagyşlamajakdygyny, Ysraýyly bolsa hiçem bagyşlamajakdygyny belledi

971780
"Taryh ABŞ-ni bagyşlamaz, Ysraýyly bolsa hiçem bagyşlamaz"

Resmi sapar bilen Britaniýa baran Erdogan Premýer ministr Tereza Meý bilen geçiren duşuşygyndan soň umumy metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Ysraýylyň palestinalylara garşy edýän gyrgynçylygyny ýene-de bir gezek ýazgaran Erdogan ABŞ-niň bu wakalaryň başlamagyna sebäp döreden ilçihanasyny Iýerusalime göçürmek baradaky kararyny asla kabul etmejekdiklerini belledi. 

BMG-nyň iň tiz wagtda işe girişip bu zulumy duruzmalydygyny aýdan Erdogan Gaza serhedinde 60 palestinalynyň şehit edilmegi bilen netijelenen wagşy hüjüme ABŞ-niň iterendigini nygtap: "ABŞ taryh seni bagyşlamaz. Bu hakykaty göreris. Ysraýyl seni bolsa hiçem bagyşlamaz. Muny hem göreris" diýdi. 

ABŞ-niň sebitdäki düşünişmezçiligiň çözüwinde araçy dälde, tarap tutýandygyny boýun alandygyny aýdan Erdogan: "60 palestinalynyň ýogalmagyna, 2500 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümler bu syýasatyň bir netijesidir. Bu wagşylygy ýene-de bir gezek ýazgarýaryn. Ysraýyl men güýçli, meňki dogry diýip bu ädimleri etdi. Ysraýyl ol ýerde basyp alyjydyr we terrorçylykly hereketini dowam etdirýär" diýdi. 

Prezident Erdogan: "Halkara jemgyýeti we BMG-ni wagt ýitirmän herekede geçmäge, bu zulumy bes etmäge çagyrýaryn" diýip belledi. 

Erdogan anna güni Stambulda geçiriljek Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň nobatdan daşary maslahatynda dünýä güýçli bir ýüzlenme beriljekdigini nygtady.

Çykyşynda terror meselesiniň hem üstünde durup geçen Erdogan PKK, FETÖ ýaly terror guramasyna agzalaryň yzyna gaýtarylyp berilmegi babatynda Britaniýa bilen hyzmatdaşlygy özgertmek isleýändiklerini beýan etdi. 

FETÖ we PKK-a agza terrorçylaryň atlaryny Meýe berendigini aýdan Erdogan: "Bular yzyna berilsin, terrora garşy umumy göreşimizi dowam etdireliň" diýdi. 

Prezident Erdogan Britaniýanyň Premýer ministri Meýi iň gysga wagtda Türkiýä garaşýandygyny belledi. 

Tereza Meý hem çykyşynda Ysraýyldan palestinalylara garşy eden-etdiligini bes etmegini isläp, Gazadaky wakalar bilen baglanşykly garaşsyz we açyk derňewiň geçirilmeginiň gerekdigini nygtady.

Meý Türkiýäni 3,5 milliondan gowrak siriýala gapysyny açyp, görkezen adatdan daşary jomartlygy sebäpli takdyr edýändigini beýan etdi. 

 



Degişli Habarlar