Erdogan Bütindünýä Eneler güni mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Erdogan eneleriň edenlerini hiç haçan yzyna gaýtaryp bolmajakdygyny belledi

969718
Erdogan Bütindünýä Eneler güni mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan 13-nji maý Eneleriň bütindünýä güni mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

Erdogan gutlagynda: “Biz üçin ilkinji bolup doga eden, ilkinji hemaýatçymyz, merhemedi we mähiri iň köp görenimiz, gaçybatalgamyz, goraýjymyz bolan enelerimiziň Bütündünýä Eneler gününi gutlaýaryn. Eneler dünýä gelip ilkinji gezek ses edenimizden, soňky demimize çenli biz üçin howpsyz portumyzdyr, asuda öýümizdir, mähirli ojagymyzdyr. Ene her adamyň syrydyr, syrdaşydyr, dostudyr” diýip belledi.

Ergogan gutlagynda: “Çagalarynyň bagty, gelejegi üçin özlerini pida eden, iýmän-içmän, dynç alman dynç aldyran enelerimiziň edenlerini hiç haçan yzyna gaýtaryp bilmeris” diýip nygtady.

Erdogan: “Söýgüni, hormady, mähiri, ene-ata hormady özüne ýörelge edinen bir millete, hiç kimiň zeper ýtirmejekdigne ynanýaryn. Ömürlerini maşgalalaryna bagyş eden, hemişe sylagyň iň ulusyna laýyk bolan enelerimizi Eneler gününi gutlaýaryn: ýogalan ähli enelerimizi hormat bilen hatyralaýaryn” diýdi.


Etiketkalar: #gutlag , #Eneler güni , #Erdogan

Degişli Habarlar