Türkiýe ABŞ-nyň kararyny “ýerliksiz başlangyç” hökmünde häsýetlendirdi

Bu barada Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada aýdylýar

966908
Türkiýe ABŞ-nyň kararyny “ýerliksiz başlangyç” hökmünde häsýetlendirdi

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada Türkiýäniň Eýranyň ýadro maksatnamasy boýunça çözgüdiň ýeke-täk ýolunyň diplomatiýadan we gepleşiklerden ybaratdygyny elmydama nygtap gelendigi we geçmişde şol ugurda uly tagalla edendigi bellenilýär.

Beýannamada 2015-nji ýylda kabul edilen Bilelikdäki giň gerimli iş meýilnamasynyň ýadro ýaraglarynyň ýaýbaňlanmagynyň öňüniň alynmagy ugrunda edilen başlangyçdan ybaratdygy nygtalyp: “Şol meýilnama iň bir çekeleşikli meseleleriň hem gepleşikler arkaly çözülip bilinjekdigini görkezdi” diýilýär.

Karar syýasy töwereklerde-de seslenme döretdi.

Prezidentiň metbugat Sekretary Ibrahim Kalyn kararyň durnuksyzlyga we başga çaknyşyklara sebäp boljakdygyny beýan etdi.

Sosial media arkaly garaýyş beýan eden Kalyn, Türkiýäniň ýadro ýaraglarynyň ählisine garşy pozisiýasyny dowam etdirjekdigini nygtap; “Eýran bilen gazanylan ýadro ylalaşygy gol goýan beýleki ýurtlaryň arasynda dowam eder” diýdi.

Ykdysadyýet ministrligi hem Eýran bilen söwda gatnaşygynyň çäklendirilmejekdigini beýan etdi.

ÝB ministri Ömer Çelik bolsa ABŞ-nyň Eýran bilen gol çekişilen ýadro ylalaşygyndan çekilmek baradaky kararynyň iňňän ýaramaz wakalara sebäp boljak çemeleşmedigini beýan edip, dowam edýän ylalaşyga zyýan ýetirmäge synanşmagyň iňňän ýalňyşdygyny nygtady.

 



Degişli Habarlar