Mewlüt Çawuşogly CNN Türk kanalyna interwýu berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ-niň Türkiýä garşy sanksiýa girizjekdigi bilen bagly öňe sürmelere reaksiýa bildirdi

Mewlüt Çawuşogly CNN Türk kanalyna interwýu berdi

Mewlüt Çawuşogly CNN Türk kanalynda gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri bilen bagly beýanat berdi.

Çawuşogly F-35 harby uçarlarynyň satuwynyň goý bolsun edilmeginiň kabul edilip bilinjek bir hereket däldigini belledi we duýduryş berdi: “Türkiýeden jogabyny alarlar we bu hyzmatdaşlyga bap gelmeýär” diýdi.

Çawuşogly ABŞ-niň Döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen duşuşyk geçirmek üçin öňümizdäki hepde bu ýurda sapar gurajakdygyny habar berdi.

Russiýa wizasyz syýahat edip bilmek babatynda hem möhüm beýanat beren Mewlüt Çawuşogly: “Ruslar wizalary şu ýyl dolulygyna bolmasada resmi we hyzmat pasportyna eýe bolan adamlara aýyrmagy teklip etdiler. Dolulygyna bolmasada wizalar şu ýyl ortadan aýrylar” diýdi.



Degişli Habarlar