Terrorçylyga garşy göreş egilşiksiz dowam edýär

Aprel aýynyň 23-30-y aralygynda ýurt boýunça geçirilen terror operasiýalarynda 23 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

961186
Terrorçylyga garşy göreş egilşiksiz dowam edýär

İçeri işler ministrliginden berilen beýannamada aprel aýynyň 23-30-y aralygynda 1692 operasiýasynyň geçirilendigi nygtalýar.

Žandarm ýörite güýçleriniň, Polis ýörite güýçleriniň we Žandarm desantlarynyň gury ýerde geçiren operasiýalaryna Türk ýaragly güýçleri howadan goldaw berdi.

Beýannamada operasiýalaryň dowamynda 8 sanysy öli, 7 sanysy sag we 8 sanysy boýun egen görnüşde jemi 23 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edilýär.

Beýannamada ekstremist terror guramasy PKK bilen gatnaşykda bolan 130, Fetullahçy terror guramasy Parallel döwlet ulgamy bilen gatnaşykda bolsa 489, DAİŞ bilen gatnaşykda bolan 50 we aşa çepçi toparlar bilen gatnaşyk edýän 46 adamyň saklanandygy habar berilýär.

 

 



Degişli Habarlar