Erdogan: Afrin operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 4272-ä ýetdi
Prezident Erdogan TBMM-de partiýasynyň maslahatynda çykyş etdi

Ýurdyň Prezidenti we Ak partiýanyň başlygy R.T. Erdogan Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň Afrin sebitinde alynyp barylýan Zeýtun şahajygy operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sanynyň 4272-ä ýetendigini habar berdi.
Prezident Erdogan TBMM-de partiýasynyň maslahatynda çykyş etdi.
Erdogan milletiň asudalygy üçin näme gerek bolsa şony ýerine ýetirmäge dowam etjekdiklerini belläp: “Siriýanyň demirgazygynda näme ýerine ýetirilmeli bolsa şony hem ederis. Häzirki wagta çenli täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 4272-ä ýetdi. Demirgazyk Yrakda näme boldy: 353 terrorçy, ýurdyň öz içinde bolsa 258 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Durmarys, ýolumyzy dowam etdireris” diýip nygtady.
Degişli Habarlar

“Eren Gabaw-10” Operasiýasynyň Çäginde 3 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ministr Soýlu terrorçylara “boýun egiň” diýip çagyryş berdi.