Türk syýasatçylarynyň 23-nji aprel bilen bagly gutlaglary

23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy we TBMM-niň açylyşynyň 98-nji ýyly mynasybetli türk syýasatçylar gutlag ýüzlenmelerini çap etdiler

Türk syýasatçylarynyň 23-nji aprel bilen bagly gutlaglary

Prezident R.T. Erdogan çap eden gutlag ýüzlenmesinde 23-nji apreliň eziz türk milletiniň ýaňadandan janlanmagynyň we ýetişmeginiň mysalydygyny belledi.

Erdogan 98 ýyllyk TBMM-niň işini ilkinji gündäki tolgunmasy ýaly dowam etdirýändigini nygtady.  

24-nji iýunda geçiriljek saýlawlaryň hem üstünde durup geçen Erdogan: “Ýurdumyzyň durnuklylyk we ynam şertlerini güýçlendirjek täze bir döwüre girýäris” diýdi.

Mejlisiň başlygy Ismail Kahraman gutlag ýüzlenmesinde: “Beýik Millet Mejlisi doly garaşsyzlykdan başga hiç hili teklibi kabul etmejekdigini yglan edip, özygtyýarlyk göreşini başlatdy we Mejlisimiziň ilkinji başlygy Mustafa Kemal tarapyndan ýolbaşçylyk edilen milli göreş ýeňiş bilen netijelendi” diýdi.

TBMM-niň başlygy Ismail Kahraman çagalaryň baýramyny hem gutlap: “Özlerine baýram peşgeş berilen mähriban çagalarymyzy söýgi bilen gujaklaýaryn, eziz mileltimiziň baýramyny gutlaýaryn” diýip belledi.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym özüniň gutlag ýüzlenmesinde: “Häkimiýet belliksiz, şertsiz milletiňkidir ýörelgesine laýyklykda döredilen TBMM-niň açylmagy bilen türk taryhy täze bir döwüre gadam basandygyny ykrar etdi” diýip beýan etdi.

Binali Ýyldyrym: “Çagalarymyzyň parahatçylyk, asudalyk we doganlyk duýgulary bilen arzuwlaryny hasyl etmek iň esasy wezipämizdir” diýdi.

Respublikan Halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly bolsa: “23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy demokratiýanyň özgermegi, adalatyň üpjün edilmegi, hukuk döwletiniň güýçlenmegi, ýurdumyzda parahatçylygyň we galkynyşyň kepilligidir” diýdi we çagalary baýramlary bilen gutlady.



Degişli Habarlar