Şu gün 23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy

23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy bilen TBMM-niň açylmagynyň 98-nji ýyly ýurdyň ähli ýerinde we daşary ýurtlardaky wekilhanalarda dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär

956888
Şu gün 23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy

Gazy Mustafa Kemal Atatürk 1920-nji ýylyň 23-nji aprelini Milli häkimiýetimiziň simwoly bolan TBMM-niň döredilen gününi bir baýram hökmünde yglan edip, gelejegimiziň kepilligi bolan çagalara miras goýup gitdi.  

23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy çagalara miras goýulan ýeke-täk baýramdyr.

Bilim ministri Ismet Ýylmaz 23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy mynasybetli çagalar bilen bilelikde Anytkabiri zyýarat etdi.

23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy bilen TBMM-niň açylyşynyň 98-nji ýyly mynasybetli Mejlisiň öňündäki Atatürkiň heykelinin öňünde dabara geçirildi.

Dabarada TBMM-niň başlygynyň wekili Ahmet Aýdynyň Atatürkiň ýadygärligine ak we gyzyl güllerden ybarat gül desselerini goýmagyndan soň, hormatly dymyşlyk edildi, Milli sena ýerine ýetirildi.

Dabara Wise-premýer we hökümediň metbugat geňeşçisi Bekir Bozdag, Bilim ministri Ismet Ýylmaz, Zähmet we sosial üpjünçilik ministri Žülide Saryerogly, Galkynyş ministri Lütfi Elwan, Ýaşlar we Sport ministri Osman Aşkyn Bak, Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň wekili Bülent Turan, TBMM-niň resmileri, deputatlar we TBMM-niň işgärleri gatnaşdylar.

Baýram mynasybetli günüň dowamynda birnäçe çäre geçiriler.

Prezident R.T. Erdogan Beştepe Millet medeniýet we kongres merkezinde geçiriljek TRT 23-nji aprel gala programasyna gatnaşar.

TBMM-de baýram mynasybetli ýörite oturlyşyk geçiriler.

Anytkabir günüň dowamynda geljek myhmanlar üçin açyk bolar.

ÝUNESKO tarapyndan 1979-njy ýyl Çagalar ýyly yglan edilmegi bilen bu baýram halkara derejä eýe boldy.  

Atatürkiň çagalara miras goýan 23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy 1979-njy ýyldan bäri TRT tarapyndan giňişleýin ýagdaýda bellenilip geçilýär. Bir hepde dowam edýän çäreleriň çäginde dünýäniň çar tarapyndan çagyrylan çagalar Türkiýäni gezýärler.



Degişli Habarlar