Erdogan 23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy mynasybetli çagalary kabul etdi

Erdogan çagalaryň gözlerindäki ýalpyldylara seretdigi saýyn gelejege bolan umydynyň artýandygyny belledi

957145
Erdogan 23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy mynasybetli çagalary kabul etdi

Erdogan 23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy mynasybetli Bilim ministri Ismet Ýylmazy we ýanyndaky çagalary kabul etdi.

Erdogan Prezident stulyny baýram mynasybetli 12 ýaşyndaky Fatih Mintaşa berip, oňa başlyk diýip ýüzlendi.

Erdogan ol ýerde çagalara ýüzlenip eden çykyşynda: “Gelejek we özygtyýarlyk bilen bagly göreşimizde siziň örän tapawutly ýeriňiz bar. Siz milletleriň dinamiki güýji bolan adama wekilçilik edýärsiňiz. Mundan soňky etapda maksadymyz hünärli adamlary ýetişdirmek. Siziň biziň dalaşgärlerimiz. Siziň üstünligiňiz biz üçin üstünlik bolar. Şol sebäpli size ynanýarys, ynam bildirýäris we üstünlikleriňiz bilen öwüneris” diýdi.



Degişli Habarlar