Prezident Erdogan: “FETÖ-niň arkasynda ABŞ bar” diýdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň arkasynda ABŞ-nyň bardygyny nygtady

956559
Prezident Erdogan: “FETÖ-niň arkasynda ABŞ bar” diýdi

ABŞ-e ýüzlenen Erdogan: “Bu adamy näme üçin ýurtdan çykarmaýarsyňyz?” diýdi.

Hususy telewideniýeleriň birinde soraglara jogap beren Erdogan FETÖ garşy göreşiň tutanýerlilik bilen dowam etjekdigini belledi.

FETÖ we onuň ýolbaşçysyna hemaýat edýän ABŞ-e ýüzlenen Erdogan: “Bu adama häzirki wagtda ABŞ eýe çykýar, arkasynda ABŞ bar we 400 gektarlyk ýerde bu adam ol ýerde arkaýyn ýaşaýar. Bu günälini Günälileriň ikiataraplaýyn häsýetde yzyna gaýtarylyp berilmegi ylalaşygynyň çäginde ýurtdan çykarylmagyň ýoly ýokmy? Bu adamy ýurdyňdan çykar, näme üçin ýurdyňdan çykarmaýarsyň? Sen ikimiziň aramyzdaky ylalaşyga näme üçin sadyk galmaýarsyň?” diýip nygtady.

FETÖ agza 83 adamyň daşary ýurtlardan Türkiýä getirilendigini aýdan Erdogan FETÖ garşy daşary ýurtlarda hem operasiýalaryň dowam etjekdigini habar berdi.

Prezident Erdogan ekstremist terror guramasy PKK/PÝD-ÝPG-e garşy göreşiň çäginde täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sanyny hem aýan etdi.

Erdogan: “Häzirki wagta çenli Siriýanyň Afrin sebitinde 4254 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 10-njy martda Yragyň demirgazygynda başlan operasiýalaryň çäginde 346 terrorçy, ýurdyň içinde bolsa 240 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýdi.

Türk lider terrora garşy göreş hem ýurdyň öz içinde, hem-de daşary ýurtda tutanýerlilik bilen dowam etjekdigine ünsi çekdi.


Etiketkalar: #ABŞ , #Erdogan , #FETÖ

Degişli Habarlar