Mewlüt Çawuşogly ABŞ-e gitdi

Saparyň çäginde Çawuşoglynyň türk we amerikan mediasynyň wekilleri bilen hem duşuşyk geçirmegine garaşylýar

956679
Mewlüt Çawuşogly ABŞ-e gitdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly BMG-niň “Parahatçylygy ýola goýmak we parahatçylygy dowam etdirmek” atly ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gitdi.  

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly BMG-nyň 72-nji Baş Assambleýasynyň başlygy Miroslaw Laýçakyň ýolbaşçylygynda 24-25-nji aprel aralygynda geçiriljek maslahatyň çäginde Türkiýäniň goşantlary we pozisiýasy barada maslahatda gürrüň berer.

Maslahatyň çäginde käbir daşary ýurtly kärdeşleri bilen duşuşyk geçirjek Mewlüt Çawuşogly BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen hem duşuşyk geçirer.

Saparyň çäginde Çawuşoglynyň türk we amerikan mediasynyň wekilleri bilen hem duşuşyk geçirmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar