Ýyldyrym: “FETÖ-çi jenaýatçylar Gresiýany gaçytabalga hökmünde görmage başlady”

Binali Ýyldyrym Fetullahçy terror guramasyna agza jenaýatçylaryň Gresiýany gaçybatalga hökmünde görmäge başlandygyny aýtdy

955697
Ýyldyrym: “FETÖ-çi jenaýatçylar Gresiýany gaçytabalga hökmünde görmage başlady”

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Fetullahçy terror guramasyna agza jenaýatçylaryň Gresiýany gaçybatalga hökmünde görmäge başlandygyny aýtdy

Premýer ministr Ýyldyrym Ankarada žurnalistleriň Gresiýada Döwlet geňeşiniň FETÖ-niň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygyndan soň şol ýurda gaçan 8 jenaýatçydan biri bolan Süleýman Özkaýnakçyny wagtlaýynça gözegçilik şerti bilen boşatmagy bilen bagly soraglaryny jogap berdi.

Agdarlyşyga gatnaşan jenaýatçylaryň goralmagynyň nädogrydygyny nygtan Ýyldyrym: “Gresiýa biziň dostumyz, goňşymyz. Biziň duşmanymyz Gresiýa-da hem duşman bolmaly. Şeýle çemeleşilmelidigini pikir edýäris. Soňky wagtlarda gynansagam FETÖ jenaýatçylary Gresiýany howpsyz gaçybatalga ýaly görmäge başlady. Ol hem dostlugymyza, goňçylygymyza zyýan ýetirýär. Men FETÖ agzalarynyň yzyna berilegine garaşýaryn. Biz çagyryşymyzy gaýtalaýarys. FETÖ guramasynyň agzalarynyň Gresiýa-Türkiýe dostlugyna, gatnaşyklarymyza ýaramaz täsir ýetirmegini islemeýäris” diýdi.

Premýer ministr Ýyldyrym ABŞ-nyň 24-nji iýunda Türkiýede geçiriljek möhletinden irki saýlawlar baradaky beýannamasyna bolsa; “İlki olar öz işleri bilen bolsunlar. ABŞ-daky saýlawda galplyk edilendigi baradaky diskusiýalar gutarmady. Amerikalylar saýlaw görmek isleýän bolsalar Türkiýä gelsinler. Aç-açan bolup bolmandygyny ýerinde görsünler” diýdi.



Degişli Habarlar