"Didimiň suw giňişligindäki gaýalyga dikilen Gresiýanyň baýdagy ol ýerden aýryldy"

Binali Ýyldyrym geçen hepdäniň anna güni Aýdyn welaýatynyň Didim etrabynyň suw giňişliginde ýerleşýän Hurşid gaýalygyna dikilen Gresiýanyň baýdagynyň ol ýerden aýrylandygyny habar berdi

952491
"Didimiň suw giňişligindäki gaýalyga dikilen Gresiýanyň baýdagy ol ýerden aýryldy"

Premýer ministr Ýyldyrym Stambulda “Referendumdan Bir Ýyl Soň Prezident dolanşygy ulgamy” atly maslahatda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Gresiýa çagyryş eden Binali Ýyldyrym: “Goňşymyz Gresiýa Egeý deňizinde wagtal-wagtal dartgynlygy artdyrmak üçin işe girişýändigini bilýärsiňiz. Soňky wagtlarda bular ýaly düzgün bozmalar örän artdy. Egeý deňizinde haýsy döwlete degişlidigi belli bolmaýan gaýalyklar bar. Şolara garşy Kardak wakalary ýaly synanyşyklaryň bardygyny görýäris. Didimiň suw giňişligindäki Antrofotos (Hürşid) gaýalygyna Gresiýanyň baýdagynyň dikilendigini gördük. Kenarýaka howpsyzlyk gullugy gerek bolan çäräni gördi we şol baýdagy ol ýerden aýyrdy” diýdi.

Binali Ýyldyrym: “Biz Gresiýa gowy goňşuçylyk gatnaşyklaryň çäginde dartgynlygy artdyrjak, prowokasiýalardan we öjükdiriji hereketlerden uzak durmagy maslahat berýäris. Goňşuçylyk hukugyna laýyk ýagdaýda hereket etmegini isleýäris. Bu ugurda ediljek hereketlere gerek bolan jogaby bermäge tutanýerlidiris” diýip belledi.



Degişli Habarlar