Prezident Erdogan ABŞ-e we Russiýa çagyryş berdi

Türkiýäniň Prezident Erdogan Siriýa sebäpli jedelleşýän ABŞ bilen Russiýa çagyryş berip, sebitde ýagdaýlaryň dartgynalaşmagyny dogry görmeýändiklerini belledi

950955
Prezident Erdogan ABŞ-e we Russiýa çagyryş berdi

Erdogan Stambulda metbugat işgärlerine beýanat berdi.

Soňky günlerde Siriýa boýunça ýagdaýlaryň dartgynlaşýandygyny ünsleri çeken Erdogan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen geçiren telefon söhbetdeşligi barada: “Siriýadaky wakalary ara alyp maslahatlaşdyk. Siriýada iň gysga wagtda parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin nämeler edilip biliner? Bulary ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligmiz boldy” diýdi.

Siriýada himiki ýaragyň ulanylmagy bilen bagly Erdogan: “Himiki ýaraglar halkara kada-düzgünlerde tapawutly bir ýeri bar bolsada, biz muny netijelendiren mahalymyz ýönekeý ýaraglary bir gyra goýmaýarys” diýdi.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin sebitinde ekstremist terror guramasy PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, sebitiň dost we dogan halkyny basyşdan we zulumdan halas etmek maksady bilen 20-nji ýanwarda başladan Zeýtun şahajygy operasiýasynnyň hem üstünde durup geçen Erdogan terrora garşy göreşlerini tutanýerlilik bilen dowam etdirýändiklerini belledi.

Erdogan: “Biziň göreşimiz terrorçylara garşydyr, bu operasiýa basyp alyjy bir operasiýa däldir. Muny hem bütin Günbataryň, dünýäniň bilmegi möhüm” diýdi.


Etiketkalar: #Erdogan , #terror , #Russiýa , #ABŞ

Degişli Habarlar