Premýer ministr Ýyldyrym grek kärdeşine gynanç bildirdi

Binali Ýyldyrym Aleksis Çipras bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

950411
Premýer ministr Ýyldyrym grek kärdeşine gynanç bildirdi

 

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Gresiýanyň Premýer ministri Aleksis Çipras bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Binali Ýyldyrym kärdeşine Egeý deňzinde düýn heläkçilige uçran Gresiýa degişli harby uçarda ýogalan uçarman üçin gynanç bildirdi.

Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde şeýle hem gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda pikir alyşdy we başdan geçirilýän kynçylyklaryň çözülmegi üçin tagalla edilmegi babatynda ylalaşyk gazandy.

 



Degişli Habarlar