Çawuşogly: Siriýanyň Afrin sebiti Başar Asada berilmez

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Siriýanyň Afrin sebitiniň Başar Asada berilmejekdigini nygtady

948985
Çawuşogly: Siriýanyň Afrin sebiti Başar Asada berilmez

Mewlüt Çawuşogly Syýasat, ykdysadyýet we jemgyýet ylmy-derňew gaznasy SETA-nyň paýtagt Ankarada geçiren çärede eden çykyşynda Siriýa bilen baglanşykly soňky wakalaryň üstünde durup geçdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň Afriniň Siriýanyň hökümetine berilmegi bilen baglanşykly eden çykyşynyň üstünde durup geçen Çawuşogly: “Siriýanyň topraklarynda gözümiz ýok. Bu ýer Asada bagly güýçlere berilmez” diýip belledi.

Asada bagly güýçleriň sebitde ekstremist terror guramasy PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ bilen hyzmatdaşlyk edýändigini aýdan Mewlüt Çawuşogly Asada tabynlykdaky güýçleriň terror guramalary bilen ýarag alyş-çalyşyny hem edýändigini beýan etdi.

Çawuşogly Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin sebitinde ekstremist terror guramasy PKK/KCK/PÝD-ÝPG we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, sebitiň dost we dogan halkyny basyşdan we zulumdan halas etmek maksady bilen 20-nji ýanwarda başladan Zeýtun şahajygy operasiýasynda terrorçylaryň Asada bagly güýçleriň gözegçiligi astyndaky ýerlerden Afrine geçendigini habar berdi.

Şenbe güni Gündogar Guta we Duma etraplarynda ulanylan himiki ýaragyň hem üstünde hem durup geçen Çawuşogly Asada tabynlykdaky güýçleriň ozal hem himiki ýarag ulananaydygny ýatladyp: “Başar Asadyň Siriýanyň başyndan aýrylmagy we syýasy etaba geçmegimiz hökmany” diýip belledi.



Degişli Habarlar