Izmirde daşary ýurtly 161 adam saklandy

Izmiriň Dikili we Seferihisar etraplarynyň suw giňşiliginde bikanun ýollar bilen Gresiýa geçmek islän daşary ýurtly 161 adam saklandy

941707
Izmirde daşary ýurtly 161 adam saklandy

Kenarýaka howpsyzlyk gullugynyň işgärleri Dikili etrabynyň suw giňişliginde Mobil radar tarapyndan anyklanan 2 sany gaýygy duruzdy.

Gaýyklardaky daşary ýurtly 109 adam kenara çykaryldy.

Işgärler Seferihisar etrabynyň Sygajyk Azmak diýilen ýeriň suw giňişliginde hem kömek talap edilmegi netijesinde herekede geçdi.

Kenarýaka howpsyzlyk gullugynyň işgärleri ol gaýykdaky siriýaly 52 adamy kenara çykardy.

Aglabasy siriýaly bolan 64-i çaga jemi 161 adam welaýatyň Migrasiýa bölümine iberildi.


Etiketkalar: #Izmir , #Migrasiýa , #çaga

Degişli Habarlar