Türkiýäniň Prezidenti ýewreýleri Pesah baýramy bilen gutlady

Prezident Erdogan baýram bilen baglanşykly çap eden gutlag ýüzlenmesinde ýewreýleriň (jöhit) Pesah baýramyny tüýs ýürekden gutlaýandygy belledi

941238
Türkiýäniň Prezidenti ýewreýleri Pesah baýramy bilen gutlady

Erdogan gutlag ýüzlenmesinde: “Ýewreýleriň Müsürde bendilikden azat bolmagyny alamatlandyrýan, pasha diýip hem atlandyrylýan Pesah mynasybetli ähli raýatlarymyzyň öz medeniýeti, dini we däp-dessuryny erkin ýagdaýda ýaşadyp bilmeklerine uly ähmiýet berýändigimizi ýene-de bir gezek nygtamak isleýärin. Biz din we medeniýetlere hormaty esas alýan, tapawutlylyklary baýlyk hökmünde garaýan medeni gymmatlyklarymyzyň çäginde, Türk ýewreý jemgyýetini jemgyýetiň bir bölegi hökmünde görýäris. Bu duýgy we pikirler bilen ençeme asyr parahatçylyk içinde bilelikde ýaşan ýewreý raýatlarymyz başda bolmak bilen ähli ýewreýleriň Pesah baýramyny gutlaýaryn, özülerine berk jan-saglyk dileýärin” diýdi.



Degişli Habarlar