Türkiýede Milli awianoses gämisi TCG Anadolynyň gurluşygy dowam edýär

Türkiýäniň ilkinji we milli awianoses gämisi TCG Anadolynyň Stambulyň Tuzla Sedef gämi gurluşyk werfindäki gurluşyk işleri çalt depginler bilen dowam etdirlýär

937934
Türkiýede Milli awianoses gämisi TCG Anadolynyň gurluşygy dowam edýär

Stambul we Marmara, Egeý, Ortaýer deňizi, Gara deňiz sebitleri Deňiz söwda palatasynyň başlygy Metin Kalkawan TCG Anadolynyň gurluşygy bilen bagly beýanat berdi.

Metin Kalkawan: “Häzirki wagtda gurluşyk meýdançasyndaky bloklaryň taýýarlyklarynyň takmynan 90 göterimi tamamlanyp barýar. Taýýarlyk etabyndan soň içiniň enjamlaşdyrylyşy başlady, bular dowam edýär. Gämi 114 blokdan ybarat bolup, howzuda şolaryň 10 göterimi biri-birine birikdirildi” diýdi.

Türkiýäniň ilkinji ýerli we milli awianoses gämisi “Köp maksatly amfibiýa hüjüm gämisi TCG Anadoly” Türkiýäniň Deňiz güýçleriniň güýjüne güýç goşar.

“Mini bir uçar gämisi” hökmünde häsýetlendiren Anadolynyň özüne meňzeş ozalky gämilere garanyňda has işjeň boljakdygyny aýdan Kalkawan: “Deňiz güýçlerimize ýurdumyza öz ugrunda ligany geçer. Bu gämä eýe boljak dünýäde ilkinji 10 döwletiň biri bolarys. Diňe 5-6 ýurt öndürýär, biz hem öndürýäris hem eýe bolarys. Taslama örän uly we üstünlikli dowam edýär” diýdi.

2019-njy ýylyň fewral-mart aýlarynda gäminiň doly ýagdaýda taýarlanmagy meýilleşdirilýär.

Türkiýäniň Deňiz güýçleriniň admiral gämisi boljak gämi 232 metr uzynlyga, 32 metr giňlişlige eýe bolar.

58 metr beýikligine eýe boljak Anadolynyň taňklar we beýleki agyr ulaglar üçin 1410 ind metrlik garažy bolar.

Gäminiň mundan başgada 1165 ind metrlik gämi howuzy, 1880 ind metrlik ýeňil ýük garažy, 6 gonuş meýdany bilen 1 uçuş rampasyna eýe 5440 ind metrlik uçuş palubasy, 900 ind metrlik angar bolar.

Anadola şeýle hem 6 sany F-35 uçar, 4 sany Atak dik uçar, 8 sany orta derejeli ýük dik uçar, 2 sany seahawk kysymly dik uçar we 2 sany uçarmansyz howa ulagy hem ýerleşer.



Degişli Habarlar