“ABŞ wadasynda dursa Munbiç operasiýasyna hajat ýok”

Wise-premýer Fikri Yşyk “ABŞ wadasynda dursa Munbiç operasiýasyna hajat ýok” diýdi

937602
“ABŞ wadasynda dursa Munbiç operasiýasyna hajat ýok”

Wise-premýer Fikri Yşyk ABŞ beren wadasynda dursa Siriýanyň Munbiç etrabyna operasiýa guralmajakdygyny aýtdy.

Yşyk hususy telewideniýe kanalyna gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi.

Ministr Yşyk ABŞ-nyň Türkiýä PKK/PÝD-niň Munbiçden çykaryljakdygy barada söz berendigini ýatlatdy.

Fikri Yşyk ABŞ wadasynda durmasa Türkiýe Munbije operasiýa guramaly bolar” diýdi.

 



Degişli Habarlar