Afrinliler türk esgerleri bilen Juma namazyny okady

Hutbada Afrini ekstremist terror guramasy PKK/KJK/PÝD-ÝPG-ä we DAIŞ-e agza terrorçylardan saplan serkerdelere sag bolsun aýdyldy

936310
Afrinliler türk esgerleri bilen Juma namazyny okady

 

Türk ýaragly güýçleriniň Zeýtun şahajygy operasiýasynyň çäginde Siriýanyň Afrin şäheriniň merkeziniň terrorçylardan saplanmagyndan soň ilkinji Juma namazy okaldy.

Afriniň halky şäher merkezindäki metjitde Mehmetjik ýagny türk esgerleri we Azat Siriýa goşunynyň agzalary bilen birlikde namaz okady.

Metjidiň ymamy hutbada Afrini ekstremist terror guramasy PKK/KJK/PÝD-ÝPG-ä we DAIŞ-e agza terrorçylardan saplan serkerdelere sag bolsun aýtdy we mundan soň özlerine uly jogapkärçiliginiň düşýändigini we jebislikde hereket etmegiň wagtynyň gelendigini aýtdy.

 


Etiketkalar: #Juma namazy , #hutba , #serkerde

Degişli Habarlar