Prezident Erdogan Nowruz baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Erdogan Orta Aziýadan Balkanlara çenli giň bir geografiýada dabara bilen bellenilip geçilýän Nowruzyň täze başlangyçlaryň, umydyň, doganlygyň we raýdaşlygyň baýramydygyny belledi

933970
Prezident Erdogan Nowruz baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Prezident Erdogan 21-nji mart Bütin dünýä Nowruz güni mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

Erdogan gutlag ýüzlenmesinde: “Orta Aziýadan Balkanlara çenli giň bir geografiýada dabara bilen bellenilip geçilýän Nowruz täze başlangyçlaryň, umydyň, doganlygyň we raýdaşlygyň baýramydyr” diýdi.  

“Güniň hamal aýyna giren täze gün bolan Nowruzyň wekilçilik edýän gymmatlyklara laýyk ýagdaýda bellenilip geçilmeginiň, örän möhümdigini aýdan Erdogan: “Bahar paslynyň gelendigini buşlaýan Nowruzyň doganlyk gatnaşyklarymyzyň we jebisligimiziň has hem berkemegine eltjekdigine ynanýaryn. Müň ýyllyk doganlygymyzyň global peýdalar söweşlerine gurban berilmek islenýän bu ýeňil bolmadyk etapda milletimiziň ähli böleginiň Nowruzy manysyna laýyk ýagdaýda, parahatçylyk içinde belläp geçjekdigine ynanýaryn. Bu pikirler bilen bolçulygyň we berekediň baýramy bolan Nowruz baýramy bilen milletimiz bilen birlikde dünýädäki ähli doganlaramyzy gutlaýaryn” diýdi.


Etiketkalar: #Erdogan , #Nowruz , #baýram

Degişli Habarlar