Erdogan: “Akkuýu ýadro energiýa bekediniň gurluşygyna şu ýyl başlanar”

Prezident Erdogan Beştepe Millet medeniýet we maslahatlar merkezinde “101 etrabyň tebigy haz bilen üpjün edilmegi mynasybetli” guralan dabara gatnaşdy

933989
Erdogan: “Akkuýu ýadro energiýa bekediniň gurluşygyna şu ýyl başlanar”

Çykyşynda Mersiniň Akkuýu etrabynda gurulmagy meýilleşdirilýän atom bekedi barada durup geçen Erdogan; “Bekediň gurluşygyna golaýda hormatly dostum Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen badalga bermegi meýilleşdirýäris” diýdi.

Kipriň Grek böleginiň Gündogar Ortaýer deňzinde bir taraply tebigy gaz gözleg işleri barada-da durup geçen Erdogan: “Beýleki tarapdan ýurdumyzyň howpsyzlyk ünsüniň başga taraplara gönükmeginden peýdalanyp Egeýde we Kiprde pursatdan peýdalanmaga synanşýanlara hem ýol bermedik. Kipriň ýalpaklarynda Türkiýä garamazdan geçirilmek isleýän burawlaýyş işleri boýunça egilşiksiz çemeleşmämizden değerli netije çykarylar diýip tama edýärin” diýdi.

Erdogan Gündogar Ortaýer deňzindäki burawlaýyş işlerinde kiprli türkleriň hem hakynyň bardygyny nygtap, tebigy çeşmeleriň deň derejeli paýlaşylmalydygyny aýtdy.

Prezident Edogan: “Türkiýe indi sebitiniň we dünýäniň beýgelýän güýji, çür depä çykýança hem durmaz” diýdi.

Afrine guralýan “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy barada-da durup geçen Erdogan, operasiýanyn dowamynda 3,655 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini aýtdy.


Etiketkalar: #Mersin , #Akkuýu , #Erdogan

Degişli Habarlar