Türkiýäniň Daşary işler ministri nemes kärdeşini gutlady

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Germaniýanyň täze Daşary işler ministri Haýko Maasa telefon arkaly jaň edip, wezipä bellenmegi sebäpli gutlady

Türkiýäniň Daşary işler ministri nemes kärdeşini gutlady

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä Çawuşogly Germaniýanyň täze Daşary işler ministri Haýko Maas bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Mewlüt Çawuşogly geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde kärdeşi Maasy gutlady.

Germaniýada geçen ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen umumy saýlawlardan soň, ençeme aý täze hökümet gurulmandy.

Gepleşikleriň netijesinde geçen hepde Hristian Demokratik Birlik partiýasy, Hristian Sosial Birlik partiýasy we Sosial demokratik partiýanyň arasynda şäriklik hökümet gurulypdy.

Maas 14-nji martda wezipesini Sigmar Gabrielden kabul edip alypdy.



Degişli Habarlar