Türkiýäniň Daniýadaky ilçihanasyna hüjüm guraldy

Türkiýäniň Daniýanyň paýtagty Kopengagendaky ilçihanasyna molotow kokteýli bilen hüjüm guraldy

932490
Türkiýäniň Daniýadaky ilçihanasyna hüjüm guraldy

Kopengageniň Içeri işler müdürliginden Torben Madsen metbugat işgärlerine beren beýanatynda ilçihananyň golaýynda patrullyk edýän Polisiýa gullugynyň işgärleriniň wakany 02:55-de görendiklerini habar berdi.

Wakanyň bolan ýerine köp sanda polis işgäriniň iberilendigini aýdan Madsen wakanyň golaýynda patrullyk eden polisiýa işgärleriniň gaçan hüjümçileri tutmagyň ýerine, binada çykan ýangyny söndürmäge gönügendiklerini mälim etdi.

Madsen içihananyň binasyna 4 hüjümçi tarapyndan 4 sany molotow kokteýliniň zyňylandygyny pikir edýändiklerini belledi.

Derňew işiniň dowam edýändigini aýdan Madsen hüjümiň kim tarapyndan guralan bolup biljekdigi barada bolsa maglumat bermedi.

Wakada ýogalan ýa-da ýaralanan adam bolmady, emma ilçihananyň binasyna zeper ýetdi.

Ilçihana tarapyndan hadysa bilen baglanşykly entek beýanat berilmedi.

Polisiýa gullugynyň işgärleri ilçihananyň binasynyň golaýynda howpsyzlyk çärelerini artdyrdy.



Degişli Habarlar