Bozdag: “Afrinde gözegçilik ýola goýuldy, emma etmeli iş köp”

Wise-premýer Bekir Bozdag türk goşunynyň Afrinde gözegçiligi ýola goýandygyny, emma etmeli işiň köpdügini aýtdy

932897
Bozdag: “Afrinde gözegçilik ýola goýuldy, emma etmeli iş köp”

Bozdag Stambulda metbugatyň wekillerine beýannama berdi.

Siriýanyň Afrin etrabynyň Türk ýaragly güýçleri we Azat Siriýa goşuny tarapyndan ekstremist terror guramasy PKK/PÝD-ÝPG we DAİŞ-den halas edilmegi barada durup geçen Bozdag; “Afrinde häzirki wagtda gözegçilik ýola goýuldy, emma Türkiýäniň işi gutarmady. Entek işimiz köp” diýdi.

Afrinde binalardan birinde bolan partlama sebäpli asuda ilatda 7 adamyň we 4 esgeriň ýogalmagy barada-da durup geçen Bozdag; “Terrorçylaryň gaçmazdan ozal etraba köp sanly duzak gurandygyny, mina goýandygyny bilýäris. İlki bilen etrapdaky ähli ýer şol duzaklardan, minalardan saplanmaly" diýdi.

Afrine guralan operasiýanyň diňe bir sebiti PKK/PÝD-ÝPG we DAİŞ terrorçylaryndan saplamak maksadyndan ybarat däldigini nygtan Bozdag; “Ol maksatlar diňe biri. İň esasy maksat; sebitde terror koridoryny we terror döwletini döretmek baradaky taslamany ortadan aýyrmak. “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy düýn ýetilen üstünlikli sepgitler bilen bilelikde terror koridory we terror döwleti taslamasyny ýok etdi. Şol operasiýanyň dowamynda ybadathanalara, mekdeplerde, hassahanalara, ilatly ýerlere hiç hili zeper ýetirilmedi” diýdi.



Degişli Habarlar