"Terror guramalaryna garşy göreşmek isleýän goşunlar, Türkiýäniň goşunyny nusga almaly"

Wise-premýer we hökümediň metbugat geňeşçisi Bekir Bozdag terror guramalaryna garşy göreşmek isleýän goşunlaryň, Türkiýäniň goşunyny nusga almalydygyny belledi

932374
"Terror guramalaryna garşy göreşmek isleýän goşunlar, Türkiýäniň goşunyny nusga almaly"

Bozdag Twitterden beren beýanatynda Türkiýäniň Siriýanyň Afrin sebitinde alyp barýan Zeýtun şahajygy operasiýasy bilen asuda ilata, ybadathanalara, hassahanalara, mekdeplere we asuda ilatyň ýaşaýan ýerlerine zeper ýetirmeden, ýakyp ýumurmadan we asuda ilaty gorap bir ýeriň terrorçylardan nädip saplanyp boljakdygyny dünýä görkezendigini nygtady. 

Bekir Bozdag: "Asuda ilata zeper ýetmeden, hiç bir raýatyň burny ganamadan, ybadathanalar, hassahanalar we ýaşaýyş ýerleri ýakylmadan we ýumrulmadan terror guramalaryna garşy göreşmek we bir ýaşaýyş zolagyny terrorçylardan saplamak isleýän goşunlar Türkiýäniň goşunyny, ýurtlar bolsa Türkiýäni nusga almalydyr" diýdi. 

 



Degişli Habarlar