“Her bir adam Siriýada asuda ilatyň goralmagy üçin ünsli çemeleşmeli”

Siriýaly meselesine garalan duşuşykdan soň üç kärdeş metbugata beýanat berdi

931301
“Her bir adam Siriýada asuda ilatyň goralmagy üçin ünsli çemeleşmeli”

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Gazagystanyň paýtagty Astanada Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif bilen duşuşdy.

Siriýaly meselesine garalan duşuşykdan soň üç kärdeş metbugata beýanat berdi.

Daşary işler ministri Çawuşogly beýanatynda “Gündogar Gutada terror bahanasy bilen asuda ilatyň öldürilmegine garşydyrys. Asuda ilat meselesinde her bir adam ünsli çemeleşmeli” diýdi.

“Terrorçylary ýok etmek üçin asuda ilatyň öldürilmegi nädogry” diýen Çawuşogly “Gündogar Gutadaky ýagdaý gün saýyn agyrlaşýar. Terrorçylar bilen asuda ilaty tapawutlandyrylmalydygyna ünsi çekdik. Terrorçylar bilen parasatly oppozisionerler ýada asuda ilat bir ýerde bolmaly däl. Gündogar Gutada çaknyşyklar gysga wagtda bes edilmeli” diýdi.

Türkiýäniň asuda ilatyň goralmagy üçin ünsli çemeleşýändigini aýdan Çawuşogly, “Ýefrat derýasynyň gündogarynda hem ünsli çemeleşýäris. Afrinde hem asuda ilatyň ýitgi çekmezligi üçin degişli çäreler görüldi. Terrora garşy göreş bahanasy bilen asuda ilatyň öldürilmegine garşydyrys. Terrorçylar adyna garamazdan täsirsiz ýagdaýa getirilmeli” diýdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Lawrow hem Gündogar Gutada asuda ilatdan 12 müň adamyň göçürlendigini belledi.

 



Degişli Habarlar