"ABŞ terrorçylar bilen hyzmatdaşlyk etmekden ýüz öwürmeli"

Premýer ministr Binali Ýyldyrym ABŞ-nyň Türkiýä wehim salýan terrora garşy anyk tagalla etmelidigini we terrorçylar bilen hyzmatdaşlyk etmekden ýüz öwürmelidigini aýtdy

930073
"ABŞ terrorçylar bilen hyzmatdaşlyk etmekden ýüz öwürmeli"

Halkara Nizami Genjewi merkezi tarapyndan geçiriljek 6-njy Halkara Baku forumyna gatnaşmak üçin Azerbaýjana giden Binali Ýyldyrym APA habarlar gullugyna beýanat berdi.

Türk halkynyň Azerbaýjanly doganlaryny aýry görmeýändigini aýdan Ýyldyrym, Azerbaýjanyň garaşsyzlygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar eden we diplomatik gatnaşyk eden ilkinji ýurt hökmünde şol günden bäri birlikde hereket edýändiklerini nygtady.

Daglyk Garabag meselesiniň çözülmegi etaby hakynda hem durup geçen Ýyldyrym, bütin dünýäniň Azerbaýjanyň mamladygyny kabul edendigini, emma çözgüt meselesinde öňe gidişik edilip bilinmändigini belledi.

Ýyldyrym “Türkiýe hemişe Azerbaýjana goldaw berdi. Bu meseläniň çözülmegi diňe Azerbaýjanyň we Ermenistanyň arasyndaky meseläniň çözülmegi manysyny aňlatmaýar. Mesele sebitiň durnuklylygy we howpsyzlygy üçin hem diýseň möhüm” diýdi.

Premýer ministr Ýyldyrym Reks Tillersonyň ABŞ-nyň Döwlet sekretary wezipesinden boşadylmagyndan soň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geljeginiň ABŞ-na baglydygyny aýtdy.

 



Degişli Habarlar