Türk ýaragly güýçleri Afrin etrap serhedinden geçdi

Zeýtun şahajygy operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 3149-e ýet

926174
Türk ýaragly güýçleri Afrin etrap serhedinden geçdi

 

Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin etrabynda geçirýän Zeýtun şahajygy operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 3149-e ýetdi.

Türk ýaragly güýçleri bilen Azat Siriýa goşuny tarapyndan Siriýanyň Afrin etrabynda terror guramalary PKK/KJK/PÝD-ÝPG-ä we DAİŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, dost we doganlyk sebitiň halkyny basyşdan we zulumdan halas etmek üçin 20-nji ýanwarda başladan Zeýtun şahajygy operasiýasy üstünlikli ýagdaýda dowam edýär.

Operasiýanyň çäginde şu gün ýene-de 60 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türk ýaragly güýçlerinden berlen beýanatda terrorçylar bilen bolan köçe çaknyşyklary netijesinde Afriniň günorta günbataryndaky Jinderesiň gözegçilik astyna alynandygy nygtaldy.

Beýleki tarapdan Türk ýaragly güýçleri we Azat Siriýa Goşuny Afrin etrap merkeziniň serhedinden geçdi

Öňe barýan goşun Afrini we Azazy suw bilen üpjün edýän bent hem gözegçilik astyna alyndy

Türk ýaragly güýçleri Şawarighat, Al Jawiz, Melikiýe we Kalobu obalaryny terrorçylardan saplady.

Türk ýaragly güýçleri we operasiýa goldaw berýän Azat Siriýa Goşuny operasiýanyň başyndan bäri terror guramasy ÝPG/PKK-DAİŞ tarapyndan basylyp alynan Afrinde 5 etrapça merkezini, 124 obany, 30 sany möhüm ýeri jemi 159 nokady gözegçilik astyna aldy.



Degişli Habarlar