Prezident Erdogan 8-nji Mart Halkara aýal-gyzlar güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi

R.T.Erdogan ýüzlenmesinde jynsy alalamanyň ähli görnüşine garşy durýandyklaryny beýan etdi

925429
Prezident Erdogan 8-nji Mart Halkara aýal-gyzlar güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi
erdogan yeşil ay.png

Maşgala ojagyndan başlap durmuşyň ähli ýerinde we ugurlarynda söýgüleri, zähmeti we pidakärlikleri bilen dünýäni gözelleşdiren zenanlaryň Halkara gününi gutlan Erdogan, gurlan döwletleriň gönezligini emele getiren, Azat edijilik urşunda görünmez gahrymanlar bolan, Respublika döwründe ýurduň eden ösüşine uly goşant goşan, garaşsyzlyga we geljege abanan howplara garşy alynky hatarda göreşen zenanlaryň geljegiň gurulmagynda häzirki döwürde-de uly pozisiýa eýelemäge dowam edýändiklerini beýan etdi.

“Zenany ýa-da erkegi bir medalyň iki tarapy ýaly kabul edýän medeniýetiň agzalary bolan biz, jynsy alalamalaryň ählisine garşy durýarys” diýen Erdogan, adamyň buýsanjyna äsgermezlik edýän we başdan geçirilýän gam-gussalaryň jogapkäri bolan göýdük düşünjelere garşy göreşi soňuna çenli dowam etdirjekdiklerini nygtady.

Erdogan meseleleriň haka we adalata esaslanýan düşünje bilen çözülmegi üçin jemgyýetiň bilelikde göreşmelidigine ünsi çekdi.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym hem 8-nji Mart Halkara aýal-gyzlar güni mynasybetli çap eden ýüzlenmesinde söýgüniň, pidakärligiň, göreşiň we umydyň tymsaly bolan ähli zenanlaryň gününi gutlady.

Zenanlaryň jemgyýetde laýyk bolan sarpa eýe bolmaklarynyň medeni jemgyýetleriň esasy borçlaryndan biridine ünsi çeken Ýyldyrym, zenanlaryň pursat deňligine laýyklykda haklaryna we azatlaryna eýe bolmagynyň bütin dünýäniň meselesi bolup durýandygyny beýan etdi.

 



Degişli Habarlar