Mewlüt Çawuşogly Awstriýada saparda bolýar
Germaniýadaky saparyndan soň Awstriýanyň paýtagty Wena baran ministr Çawuşogly ol ýerde Wena Ýunus Emre institutynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly: “Häzirki wagtda dünýäniň dört künjeginde Ýunus Emre institutynyň ýa-da Türk Medeniýet merkezleriniň sanyny artdyrmak üçin tagallarymyz dowam edýär. Sebäbi biz Ýunus Emre institutlaryny iş alyp barýan ýurtlar bilen biziň ýurdumyzyň arasynda aragatnaşyk we dostluk köprüsi hökmünde garaýarys” diýdi.
Germaniýadaky saparyndan soň Awstriýanyň paýtagty Wena baran ministr Çawuşogly ol ýerde Wena Ýunus Emre institutynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Mewlüt Çawuşogly açylyş dabarasyndaky çykyşynda Wenada 2015-nji ýyldan bäri hyzmat berýän we iş alyp barýan Wena Ýunus Emre institutyny takdyr edýändiklerini belläp: “Ýunus Emre institutynyň Türk Medeniýet merkeziniň resmi açylyşyny siz bilen bilelikde geçirýändigime buýsanýaryn” diýdi.
Ministr Çawuşogly Ýunus Emre instituty merkezlerini adyny göterýän beýik şahyr Yunus Emreniň ýörelgesiniň çäginde global we ýerli gymmatlyklaryň arasynda aragatnaşyk gurmagyň bir araçysy hökmünde garaýandyklaryny belledi.
Wena Ýunus Emre instituty tarapyndan Awstriýada şu günki güne çenli 248 okuwça türk diliniň öwredilendigini aýdan Çawuşogly guramanyň türk dili dersleri bilen birlikde biri-birinden tapawutly çäreler geçirendigini nygtap, merkeziň işgärlerini bu waka sebäpli gutlady.
Degişli Habarlar
“Palestinaly Doganlarymyzy Asla Ýalňyz Goýmarys”
Hakan Fidan, Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza guraýan hüjümlerine ünsi çekdi.
Erdogan Çanakgala Ýeňişi Mynasybetli Ýüzlenme Çap Etdi
Prezident R.T.Erdogan Çanakgala deňiz ýeňişiniň 109 ýyllygy mynasybetli ýüzlenme çap etdi.