“Türk milleti nämeleriň hötdesinden gelýändigini “Zeýtun Şahajygy” bilen bütin dünýä görkezdi”

Erdogan Ankarada “Hak-İş” kardeşler arkalaşygynyň Bütindünýä aýal-gyzlar güni mynasybetli guran çaresinde çykyş etdi

924766
“Türk milleti nämeleriň hötdesinden gelýändigini “Zeýtun Şahajygy” bilen bütin dünýä görkezdi”

Çykyşynda Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrin etrabynda ekstremist terror guramasy PKK/KJK/PÝD-ÝPG we DEAŞ terrorçylaryny ýok etmek, dost we doganlyk halky basyşdan hem-de zulumdan hnalas etmek üçin 20-nji ýanwarda başladan operasiýasy barada durup geçen Erdogan, täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sanynyň 2,960-a ýetendigini aýtdy.

Operasiýanyň ýene-de bir zady görkezendigini beýan eden Erdogan; “Şu soňky Afrin wakasy, netijeler bize bir zady görkezdi. Bu milleti güýçli millet. Bu millet başarjaň millet. Bu millet agzybir, jebis bolanda nämeleriň hötdesinden geljekdigini görkezýär” diýdi.

Türk esgeriniň Afrine tarap ynamly ädimler bilen barýandygyny nygtan Erdogan; “Ar Raini, Jarablusy, Al Baby nähili gözegçilik astyna alan bolsak, Afrinde-de 2 müň kilometrlik giňişligi gözegçilik astyna alarys, soň bolsa eýelerine gowşurarys” diýdi.



Degişli Habarlar