Zeýtun şahajygy operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 2872-ä ýetdi

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň Afrin etrabynda geçirilýän Zeýtun şahajygy operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 2872-ä ýetdi

923591
Zeýtun şahajygy operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 2872-ä ýetdi

Baş ştabdan berlen beýanatda Zeýtun şahajygy operasiýasynyň çäginde şu gün howadan we gury ýerden geçirlen operasiýalaryň netijesinde terror guramalary PKK/KJK/PÝD-ÝPG-ä we DAIŞ-e agza ýene-de 77 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi nygtaldy.

Beýanatda operasiýanyň başlan güni bolan 20-njy ýanwardan bäri täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň 2872-e ýetendigi ýatladyldy.

Baş ştabdan berlen beýanata görä, Siriýanyň demirgazyk günbataryndaky Afrin etrabynda terror guramalary PKK/KJK/PÝD-ÝPG-ä we DAIŞ-e agza terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek, dost we doganlyk sebitiň halkyny basyşdan we zulumdan halas etmek maksady bilen 20-njy ýanwarda başlan operasiýa dowam edýär.

Operasiýada häzire çenli 144 ýer terrorçylardan saplandy.

 

 

 



Degişli Habarlar