Terror guramasy DAIŞ-iň jellady Türkiýede tussag edildi
Türkiýäniň Şanlyurfa welaýatynda terror guramasy DAIŞ-iň Siriýadaky jellady hökmünde tanalýan terrorçy Polisiýa gullugynyň işgärleri tarapyndan tussag edildi
922538

Welaýatyň Içeri işler müdürligine degişli Terrora garşy göreş bölümi bilen Razwedka bölüminiň işgärleri Siriýanyň Deýr Ez Zor şäherinde terror guramasy DAIŞ-iň jellady bolan siriýaly M.K we guramanyň beýleki agzasy siriýaly U.H. geçirilen operasiýada Şanlyurfada göz tussaglygyna alyndy.
Göz tussaglygyna alynan jelladyň guramanyň adyndan köp sandaky jenaýat işine gatnaşandygy mälim edildi.
Guramanyň agzasy bolan jellat we DAIŞ-e agza beýleki terrorçy nobatçy kazyýet tarapyndan tussag edilmek barada karar kabul edilip, tussaghana iberildi.
Degişli Habarlar

Londonda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Özgerdilmegi Temaly Maslahat Geçirildi
Maslahata Türkiýeden we Britaniýadan alymlar bilen ýazyjylar gatnaşdylar.