Erdogan Türkiýe-Alžir işewürler forumyna gatnaşdy

Prezident R.T. Erdogan: “Alžiri sebitinde syýasy we ykdysady durnuklylyk adasy hökmünde garaýarys. Sebäbi biziň Afrikadaky iň uly söwda hyzmatdaşymyz Alžirdir” diýdi

919742
Erdogan Türkiýe-Alžir işewürler forumyna gatnaşdy

Resmi sapar bilen Alžire baran Prezident Erdogan ýurdyň Premýer ministri Ahmed Ouýahia bilen bilelikde Türkiýe-Alžir işewürler forumyna gatnaşdy.

Türkiýäniň geçmişde bolşy ýaly häzirki wagtda hem eýe bolan mümkinçilikleri, ýygmasy we tejribesi dostlary bilen paýlaşmakdan asla çekinmändigini we çekinmejekdigini aýdan Erdogan: “Bize bir ädim ýakynlaşana biziň ylgap gidýändigimizi ähli dostlarymyz örän gowy bilýar. Bu maslahata 200-e golaý işewür adamyz bilen gatnaşmagymyz hem şoňa bildirýän gyzyklanmamyz we berýän ähmitemiziň mysalydyr. Sag boluň siz hem 600-e golaý işewür adam bilen gatnaşýarsyňyz. Bu maslahaty Türkiýe bilen Alžiriň raýdaşlygy hökmünde taryha bellik etmelidiris. Bu raýdaşlygy Türkiýeden Alžire ýa-da Alzirden Türkiýä bolmak bilen özgertmegimizi örän manyly görýärin” diýdi.

Prezident Erdogan forumdaky çykyşyny şeýle dowam etdirdi: “Biz Alžiri sebitinde syýasy we ykdysady durnuklylyk adasy hökmünde garaýarys. Sebäbi biziň Afrikadaky iň uly söwda hyzmatdaşymyz Alžirdir. Elbetde häzirki 3,5 milliard dollarlyk söwda kuwwadyň ýeterlik däldigini pikir edýärin. Agşamam hormatly Premýer ministr doganyma, dostuma şuny iň bolmanda 5 milliard dollara iň gysga wagtda ýetirsek örän peýdaly bolar diýip aýtdym” diýdi.


Etiketkalar: #Erdogan , #Alžir , #forum , #maslahat

Degişli Habarlar