Aksoý: “ABŞ “Siriýada ynsanperwer arakesme kararynyň” özenine düşünmedi”

Türkiýäniň ABŞ-nyň “Siriýada ynsanperwer arakesme kararynyň” özenine düşünmändigini beýan etdi

919897
Aksoý: “ABŞ “Siriýada ynsanperwer arakesme kararynyň” özenine düşünmedi”

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoý, ABŞ-nyň Döwlet Sekretarlygynyň metbugat sekretarynyň Siriýadaky gumanitar şertler baradaky BMG-niň Howpsyzlyk Geňeşiniň 2401 belgili karary bilen baglylykda Türkiýä baradaky salgylanmasy boýunça soraga jogap berdi.

Aksoý şenbe güni kabul edilen kararyň özeniniň hökümetiň bir hepdäniň dowamynda asuda ilatdan ýüzlerjesini gyrmagyna we hassahana, mekdep ýaly jemgyýetçilik desgalary ýumurmagyna sebäp bolan hüjümleriniň bes edilmegi, şeýle-de hökümetiň gabaw syýasatynyň açlyga sezewar eden adamlaryna ynsanperwer kömeginiň ýetirilmeginden ybaratdygyny nygtady.

“Karar Gündogar Gutanyň başda durmagynda Siriýada agyrlaşýan gumanitar şertlerde gyssagly ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegine we lukmançylyk maksatly halas ediş işlerine şert döretmek üçin çaknyşyklaryň dessine bes edilmegi we azyndan 30 gün möhlet bilen hüjümlere ynsanperwer arakesmäniň berilmegini talap edýär” diýen Hami Aksoý; “Kararda beýan edilýän ynsanperwer şertlere alada bildirilýän ýerleriň hatarynda Afrin agzalmaýar. Eýsem Afrinde kararda üns çekilşi ýaly asuda ilat-terrorçy tapawudyny goýmaýan çaknyşyk däl, eýsem Sİriýanyň bitewiligini we Türkiýäniň milli howpsyzlygyny nyşana alýan terror guramalaryna garşy alynyp barylýan göreş. Türkiýe Siriýada çaknyşyklaryň taraplaryndan biri däl. Türkiýe Afrinde alyp barýan “Zeýtun şahajygy” operasiýasynda BMG-niň şertnamasynyň 51-nji maddasyna laýyklykda legal goranyş hukugyndan peýdalanýar” diýip nygtady.

 



Degişli Habarlar