"Türkiýä dönüklük edenlere sarpa goýmarys"

Prezident Erdogan Türkiýä dönüklük edenlere sarpa goýmajakdyklaryny aýtdy

917865
"Türkiýä dönüklük edenlere sarpa goýmarys"

Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy R. T. Erdogan Türkiýä dönüklük edenlere sarpa goýmajakdyklaryny aýtdy.

Partiýasynyň Gaziantep şäherinde geçirlen gurultaýynda çykyş eden Erdogan Türk ýaragly güýçleriniň Siriýanyň Afrinde etrabynda geçirýän Zeýtun şahajygy operasiýasy barada maglumat berdi.

Operasiýanyň başlan güni bolan 20-njy ýanwardan bäri 2021 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini aýdan Erdogan, Afriniň terrorçylardan doly saplanandan soň eýelerine gowşuryljakdygyny belledi.

Adyny agzamazdan ABŞ-na hem duýduryş beren Prezident Erdogan “Terrordan saplanan ýerlere hakyky eýeleri geler. 11 müň kilometrlik ýoly geçip gelenler we şol terrorçylara aýlyk günlük berenler eger biziň bilen hyzmatdaş bolsaňyz onda şol hyzmatdaşlyga laýyklykda hereket ediň. Biz hyzmatdaşlarymyz bilen birlikde ýöredik olara dönüklik etmedik. Emma bize dönüklik edenlere sarpa goýmarys”diýdi.

Ýefrat galkany operasiýasyndan soň 140 müň siriýalynyň ýurduna dolanandygyny aýdan Prezident Erdogan “Afrin operasiýasyndan soň hem ýene-de ýüz müňlerçe doganymyz ýurduna dolanar” diýdi.

 



Degişli Habarlar