Türkiýäniň Prezident Erdogan Afrika ýurtlaryna sapar gurar

Erdogan 5 gün dowam etjek saparynyň çäginde Alžirde, Mawritaniýada, Senegalda we Malide saparda bolar

917299
Türkiýäniň Prezident Erdogan Afrika ýurtlaryna sapar gurar

Prezidentiň Metbugat merkezinden berilen beýanata görä Prezident R. T. Erdogan 2018-nji ýylyň fewral aýynyň 26-sy bilen mart aýynyň 2-si aralygynda Afrika ýurtlaryna sapar gurar.

Erdogan 5 gün dowam etjek saparynyň çäginde Alžirde, Mawritaniýada, Senegalda we Malide saparda bolar.

Prezident Erdoganyň kärdeşleri bilen geçirjek ikiçäk we toparara gepleşiklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn ýagdaýda ele alynmagyna, sebitleýin we halkara meseleler barada pikir alyşmagyna garaşylýar.

Erdogan Türkiýäniň Afrikadaky güýçli taryhy gatnaşyklary bolan we möhüm ykdysady hyzmatdaşlaryndan biri bolan Alžire Prezident derejesinde ikinji gezek sapar gurar.

Alžirden soň Mawritaniýada 28-nji fewralda çarşenbe güni saparda boljak Erdogan bu sapardan soň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejede bolan Senegala geçer.  

Afrika saparynyň soňky duralgasy bolsa taryhy we medeni gatnaşyklara eýe bolan Mali bolar.

Beýanatda Prezident Erdoganyň Mawritaniýa we Mala gurajak saparlarynyň Türkiýeden bu ýurtlara Prezident derejesinde guraljak ilkinji resmi saparlar bolmagy taýdan taryhy ähmiýete eýedigi bellendi.

Saparyň çäginde Alžirde we Senegalda Işewür adamlaryň maslahatlary geçiriler.



Degişli Habarlar