Türkiýäniň hökümedi Ysraýylyň kararyny ýazgardy

Türkiýe, Ysraýylyň Palestinanyň paýtagty Gündogar Iýerusalimde jöhit ýaşaýjylar üçin täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy baradaky kararyny ýazgarýandygyny nygtady

917179
Türkiýäniň hökümedi Ysraýylyň kararyny ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda Ysraýylyň okkupasiýasy astynda bolan Palestinanyň paýtagty Gündogar Iýerusalimiň günortasynda jöhit ýaşaýjylar üçin aglaba bölegi palestinalylaryň hususy mülki bolan ýerde 3 müň sany täze ýaşaýyş jaýynyň gurulmagy baradaky karary tassyklandygyny habar berdi.

Bu ädimiň ýazgarylýandygy aýdylýan beýanatda Ysraýylyň halkara hukugy we BMG-niň degişli kararlaryna äsgermezçilik edýän bu kararynyň ret edilendigi bellendi.

Beýanatda: “Ysraýyl Palestinanyň topraklarynda täze ýaşaýyş ýerlerini gurmak bilen okkupasiýasyny ebedi bir ekspluatasiýa öwürýär we parahatçylyk etabynyň düýbüni ýok edýär” diýildi.



Degişli Habarlar