Kalyn: "Başar Asad Gündogar Gutada gyrgynçylyk edýär" diýdi

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn Başar Asadyň Gündogar Gutada gyrgynçylyk edýändigini belledi

917413
Kalyn: "Başar Asad Gündogar Gutada gyrgynçylyk edýär" diýdi

Ibrahim Kalyn Siriýanyň Gündogar Guta sebitindäki gyrgynçylyga bütin dünýäniň agzybirlik bilen dur diýmeginiň gerekdigini nygtady.

Kalyn özüniň Twitter hasabynda Gündogar Gutadaky gyrgynçylyk bilen baglanşykly beýanat berdi.

Başar Asada bagly güýçleriň Gündogar Gutada gyrgynçylyk edýändigini aýdan Kalyn: “Prezidentimiziň we degişli guramadyr-edaralarymyzyň başlangyçlary dowam edýär. Hüjümleriň bes edilmegi we ynsanperwer kömekleriň ýetirilmegi üçin şu gün BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde ses berilşik bolar. Bu gyrgynçylyga bütin dünýä agzybirlik bilen dur diýmeli” diýdi.



Degişli Habarlar